- öýkünmek
- işlik1) Bir zady bir nusga boýunça etmek, biriniň eden zadyna meňzedip etjek bolmak.2) Birine meňzejek bolmak, başga biriniň bolşuny özüne meňzedip etmek.∙ Mekdepden biri oňa öýkünip gygyran ýaly bolup eşidildi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)∙ Wäşi adama öýkünmek.∙ Birine öýkünip gürrüň etmek.◊ agza öýkünmek — seret agyz∙ Pökgen ogly agzyna öýkünýändir öýdüp, hiňlenmesini tapba goýdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.